Ýurdumyzyň sport abraýy artýar

12 Mart 2021
705

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy sport ýurduna öwürmek ugrunda edýän tagallalarynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň netijesidir.

10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

«Watan».