Düýpli Özgertmelere okgunly gadamlar bilen

12 Mart 2021
863

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we önümçilige häzirkizaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, çekilen karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi, degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar barada habar berildi.