Watanymyzyň sport üstünlikleri barha şöhratlanýar

11 Mart 2021
858

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň sportunyň ösüşine kuwwatly itergi beren we ony hil taýdan täze belentlige çykaran çuňňur oýlanyşykly, täzeçil syýasaty alyp barýan milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

«Mugallymlar gazeti».