Demokratiýanyň aýdyň ýoly

10 Mart 2021
761

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamy düýpli kämilleşdirilýär. Üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň wekilçilikli kanun çykaryjy döwlet häkimiýet edarasynyň gurluşy we işi özgerdilip, hil taýdan täze iki palataly parlament ulgamy döredildi.

Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girip, onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolup, taryhyň altyn sahypalaryna girer. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Gurbanmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy.