Aşgabat abadan hem owadan

10 Mart 2021
771

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Milli Liderimiz möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze desgalaryň maksadyna, bezeg hem-de ekologiýa meselelerine, ýanaşyk ýerlerini toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge degişli oýlanyşykly maslahatlary taslamalary düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar hem-de bezegçiler üçin uly ähmiýete eýedir.

Gülnar GURBANOWA,
Aşgabat şäher Arassaçylyk, abadanlaşdyryş birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň hünärmeni.