Üstünlikli geçen okuw sapaklary

10 Mart 2021
822

Ýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň tabynlygyndaky maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2021-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen bölümçeleriň, wzwodlaryň we rotalaryň hem-de batalýonyň düzüminde taktiki okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklarynyň dowamynda harby gullukçylar özleriniň wezipe borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň jemi jemlenip, bölünmelere we wezipeli harby gullukçylara seljerme berlende, uly leýtenant Serdar Körpäýewiň serkerdelik edýän rotasy we wezipeli harby gullukçylardan maýor Rüstem Kurbannazarow, kapitan Allanur Mämmedow, uly leýtenantlar Pena Allaberdiýew, Meýlis Permanow, bölümçe serkerdelerinden seržant Eziz Jumanazarow, kiçi seržant Ruslan Gaýypow, şeýle hem esgerler Alym Baýramow, Ýunus Aşyrow dagy oňat bahalar alyp, taktiki okuw sapaklarynda tapawutlanmagy başardylar. Tapawutlanan harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Rejepdurdy NAZAROW,
maýor.