Bedew batly ösüşleriň Diýary

8 Mart 2021
808

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary netijeler gazanylýar. Muňa Ministrler Kabinetiniň golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ykdysady ösüş babatda mysal getirilen sanlar we maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Mejlisde şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy.

«Aşgabat».