Oňyn özgertmeler ýoly bilen

8 Mart 2021
747

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrligine degişli Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine baryp gördi. Milli Liderimiz şol ýerde uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, olaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de bu merkezi gurmagyň Baş meýilnamasynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda degişli düzümlerdäki işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.