Göwünleri göteren görnüşler

3 Mart 2021
767

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda medeni aň-bilim edaralarynyň taslamalaryny hem synlady. Olaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar.

Milli binagärligiň we häzirki zaman ösüşiň sazlaşykly utgaşmasyndan emele gelen bu ajaýyp taslamalaryň keşbinde milli medeniýetimiziň we kämil ylym-bilimiň özboluşly öwüşginleri duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny bellemegi bolsa, täze toplumlaýyn binalaryň ýokary hilli we aňrybaş derejede guruljakdygyndan habar berýär.

Guwanç ANNABAÝRAMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.