Şanly senäniň şanyna

3 Mart 2021
818

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäheriniň gününe barha golaýlaşdyrýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Ýörite habarçymyz.