Milli mirasymyza belent sarpa

3 Mart 2021
813

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.