Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek ugrunda

3 Mart 2021
743

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.