Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr

3 Mart 2021
856

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S. Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.