Hemmetaraplaýyn ösüşe gönükdirilen işler

2 Mart 2021
780

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».