Möhüm wezipeler kesgitlenildi

1 Mart 2021
939

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylda Türkmenistan YHG-a başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-a agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.