Aşgabat — özgertmeleriň kerwenbaşysy

1 Mart 2021
837

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. Paýtagtymyz gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalardyr desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy mümkinçiliklerinde durmuş ulgamy möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.