Möhüm ugurlarda döwrebap işler

17 Fewral 2021
891

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, ähli ulgamlar bilen bir hatarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde dünýäniň ösen tejribeleriniň hem-de täzeçil tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde häzirki zaman çözgütleriň, döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri kesgitlemegi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.

Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezinde hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň hasabatyndan soňra ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew bu merkeziň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada gürrüň berýän şekillerdir çyzgylar görkezilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň amala aşyrýan işlerinde uçarmansyz uçarlaryň ýerine ýetirýän wezipeleri barada hasabatlar berildi.

«Watan».