Bähbitli gatnaşyklaryň binýady

17 Fewral 2021
911

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulandygyndan habar berýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanjak Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri hem taryhy wakalara beslenýär. Muny ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň işe girizilmegine ak pata bermeginde hem görmek bolýar.