Toý-baýramly mekan

15 Fewral 2021
1144

Bu günki gün ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat dünýäde ýokary tizlik bilen ösýän şäherleriň hatarynda giňden tanalýar. Muňa merjen şäherimiziň soňky ýyllarda özgerip, düýpgöter täzeçe görnüşe eýe bolan keşbi hem aýdyň mysaldyr. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, häzirki wagtda eziz paýtagtymyzyň islendik künjegine ser salanyňda ak mermerli binalaryň we al-ýaşyl baglara bürenip oturan seýilgähleriň, şirin mukamly suw çüwdürimleriniň, döwrebap gurlan şaýollardyr köçeleriň kämil derejede sazlaşandygyny görmek bolýar. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilenine hem 140 ýyl dolýar. Bu goşa baýramy paýtagtymyzda mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen şu ýyl täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslener.

Hormatly Prezidentimiz merjen şäherimizi mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda durmuşa ornaşdyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiz ýanwar aýynda hem paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, olaryň barşynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň, «Aşgabat» söwda-dynç alyş toplumynyň, banklaryň täze edara binalarynyň, köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşýän seýilgähiň şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň tutuş ýurdumyzda we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelerde ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Akmaral PAŞYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.