Dalaşgärler hödürlenildi

12 Fewral 2021
1007

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna häzirki wagtda giňden taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäre bilen baglanyşykly işler welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Häzirki wagtda degişli kanunçylyga we kodekse laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Şu mynasybetli golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda Daşoguz şäher halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlemek meselesi girizildi. Mejlisiň başynda Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygy Begenç Myradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Soňra mejlisiň guramaçylyk meselelerine seredildi.

Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy Babageldi Kurbanow çykyş edip, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemek barada öz teklibini aýtdy. Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzalary Batyr Otuzow, Döwletmyrat Saparmämedow, Bahar Atabaýewa dagy bolsa hödürlenen dalaşgärleriň syýasy sowatlylygynyň ýokarydygy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary, guramaçy işgärlerdigi barada çykyşlarynda beýan etdiler. Mejlise gatnaşyjylar teklip edilen adamlary dalaşgärlige hödürlemek boýunça biragyzdan ses berdiler. Daşoguz şäher halk maslahatynyň karary bilen, Daşoguz şäher häkimliginiň işgärler we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň müdiri Amanmyrat Kakyşow hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Babajyk Babajykow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlige hödürlendiler.

Ýörite habarçymyz.