Dokmaçy zenanlar bäsleşdiler

12 Fewral 2021
1095

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde «Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli dokma senagatyna degişli kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň dokma kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar. Bagtyýarlyk döwrümizde dokma senagatynda ýetilen belent sepgitleri açyp görkezmek, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň, lybaslaryň aýratynlygyny, ähmiýetini, gymmatyny wasp etmek, dokmaçy zenanlaryň tejribe alyşmaklaryna ýardam bermek maksadynda, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gaýrat geňeşliginiň medeniýet öýünde geçirilen bäsleşik ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy.

Ýörite habarçymyz.