Belent sepgitler we aýdyň maksatlar

10 Fewral 2021
867

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistan parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.