Resmi habarlar

8 Fewral 2021
1023

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenilýän binalaryň hem-de desgalaryň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, möhüm we aýratyn möhüm gurluşyk işleriniň bahalaryny kesgitlemegi kämilleşdirmek hem-de gurluşyk işlerine gatnaşýanlaryň jogapkärçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

«Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

(TDH).