Ulag-aragatnaşyk toplumyndaky wezipeler

8 Fewral 2021
857

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öz gözegçilik edýän ugurlarynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar barada hasabatlary diňlenildi.