Durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugry

7 Fewral 2021
898

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, oňa gatnaşýan ýolbaşçylara degişli yzygiderlilikde söz berdi. Milli Liderimiz olaryň her biriniň hasabatyny diňläp, öňde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de tabşyryklary berdi.

«Mugallymlar gazeti».