Türgenlerden üstünliklere garaşylýar

5 Fewral 2021
861

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, ol ýerde şu ýyl geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen türgenleriniň bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler welaýatymyzdaky bilim edaralarynda we sport mekdeplerinde dürli maslahatlardyr çäreleri, türgenler we tälimçiler bilen duşuşyklary guramaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan guralan bu duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyny gazanmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmakda sportuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de welaýatymyzdaky stadionlarda, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän çäreleriň netijeleri barada gürrüň edildi. «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleri we tälimçiler üstümizdäki ýylda sebitde iň iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek sportuň welotrek görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň we tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada gürrüň berdiler. Çärä gatnaşyjylar bu halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň guwandyryjy üstünlikleri gazanjakdyklaryna berk ynanýandyklaryny uly buýsanç bilen bellediler.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.