Asudalygyň goragynda

3 Fewral 2021
1043

Ýadawsyz tagallalaryň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny ýokary netijeler bilen jemledi. Ýokary ruhubelentlik, uly ynam bilen täze — 2021-nji ýyla gadam basan il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn ýokarlanýar.