Halkymyzyň gadymy oýny «Ýaglyga towusmak»

1 Fewral 2021
1361

Çagalar üçin niýetlenen milli oýunlaryň biri-de ýaglyga towusmakdyr. Bu oýun sport meýdançasynda hem oýnalýar. Ýaglyga towusmak oýnuny oýnamak üçin adyndan belli bolşy ýaly, dürli reňkli ýaglyklar ulanylýar. Oýunçylar iki topara bölünýär. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda 3 utuk, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda 2 utuk, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa 1 utuk gazanýar.

Toparlar gezekli gezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Oýunda has köp utuk gazanan topar ýeňiji bolýar. Oýnuň esasy düzgüninde her oýunçynyň ýaglygy almaga bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Eger-de oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese gezegi beýleki topara berýär. «Ýaglyga towusmak» gadymy milli oýunlarymyzyň biridir. Oýunda çagalaryň beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, jebislik duýgulary kämilleşdirilýär.