Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

1 Fewral 2021
936

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanýan ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp-ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hem döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.