Täsirli geçen duşuşyk

31 Ýanwar 2021
1122

Sarahs etrabyndaky ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň prokuraturasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Arslan Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramgeldi Ballyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow dagy çykyş edip, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçmegi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen baglanyşykly ýörelgeleriniň özboluşly beýanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Polat NURYÝEW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.