Bagtyýarlyk mekany

29 Ýanwar 2021
903

Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyryp, merjen şäherimizde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň möhüm düzüm bölegini düzýän desgalar, daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyrylan jemgyýetçilik binalary, suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar özara sazlaşygyň ajaýyp nusgasyny kemala getirýär, ak mermerli şäheriň gözelligini artdyrýar. Milli Liderimiz golaýda paýtagtymyza iş saparynyň barşynda Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Özboluşly döwrebap gurluşy we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýan 6,9 gektar meýdany eýeleýän 9 gatly bu myhmanhana ýakyn wagtlarda Aşgabadyň kämil binagärlik toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrüler. Şeýle hem bu ýerde gurulýan Söwda-dynç alyş merkezi we 9,75 gektar meýdany öz içine alýan döwrebap seýilgäh diňe bir şäherimiziň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, Aşgabada gelýän myhmanlaryň hem wagtlaryny hoş geçirmekleri, rahat dynç almaklary üçin oňaýly merkez bolup hyzmat eder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle netijeli işleriň ählisi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Begenç HUDAÝBERDIÝEW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.