Kitaplaryň jadyly dünýäsinde (oçerk)

29 Ýanwar 2021
1360

Okuw sapaklarynyň gutaranyna bir-iki sagat geçse-de, Durdynyýaz näme üçindir öýlerine gara beribermedi. Öňler beýle däldi, okuw tamam bolan badyna kän garaşdyrman, öýlerine gelerdi. Bu ýagdaý Oguljan gelnejäni ynjalykdan gaçyrdy. Ol gyzyndan habar bilmek üçin mekdebe ýetmäge howlukdy. Bärden barşyna, gyzynyň synp ýolbaşçylarynyň ýanyna bardy.

Baýramgül mugallym Durdynyýazyň boş wagt tapsa, kitaphana gatnaýanyndan habarlydy. Şonuň üçin, ol Oguljan gelneje bilen bile Durdynyýazdan habar bilmek üçin ilki bilen kitaphana bardy. Özüni idäp gelendiklerini bilenden soň, Durdynyýaz kitaphanada eglenmeli boljagyny öýlerine habar etmändigini kitap bilen güýmenip oturyşyna ýadyndan çykaranyny ýaňy bilip galdy. Ýagdaýa göz ýetiren ejesi gyzynyň ýüzüne seredip, diňe ýylgyrmak bilen oňaýdy...

Meýlis BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni.