Il bähbitli tutumlar, döwletli çözgütler

29 Ýanwar 2021
1039

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmündäki abraýyny has-da artdyrmaga, halkara giňişlikde Türkmenistany mundan beýläk-de abadançylygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanatmaga şert döredýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat ýurduň ösüşinde beýik sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär.

Islendik şygaryň çagyryş mazmunly wagyz bolup durýandygyny, şol bir wagtda onuň döwrüň wajyp meseleleriniň gysgaça aňlatmasy bolup çykyş edýändigini nazara alsak, 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly aýratynlygyna göz ýetirmek bolýar: ýurt berkararlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolan parahatçylykly ösüş ýolunyň oňyn netijeleri türkmen ýolunyň nusga alarlyk ýoldugy, ählumumy derejede parahatçylygyň gazanylmagy üçin dünýä ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmelidigi, munuň üçin olaryň arasynda özara ynanyşmagyň zerurdygy aýan bolýar. Dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün etmek meselesi ählumumy gün tertibinde hemişe wajyp meseleleriň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Ýöne ozalky döwürlerden tapawutlylykda, häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara baglanyşygyň has-da güýçlenmegi ony üpjün etmek meselesinde belli bir kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirmek bilen, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi olary aradan aýyrmagyň netijeli guraly bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ösüşi üpjün edýän zerur şertleriň biri bolan parahatçylyk ýörelgelerine esaslanmagyň we ýakyn geljekde döwletara hyzmatdaşlygy ynanyşmak esasynda mundan beýläk-de ösdürmek meselesiniň wajypdygyna dünýä döwletleriniň ünsüni çekmegiň ýene-de bir ugurlarynyň biri boldy. Ýokarda bellenilip geçilen aýratynlyklar bu şygaryň milli we halkara derejede ideologik ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.