Berkarar Diýar saýlawlara barýar

28 Ýanwar 2021
1194

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda halk häkimiýetiniň, asyrlardan dowam edip gelýän milli demokratik däplerimiziň häzirki zaman öwüşgininde belentden dabaralandyrylar. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäre döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda, döwlet bilen raýatlaryň gatnaşyklaryny ysnyşykly alyp barmakda, jemgyýetimiziň ahlak sütünlerini, ynsanperwer ýörelgelerini saklamakda we ösdürmekde, Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda ýeten ýokary derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmakda jemgyýetimiziň kämilligini dünýä äşgär eder. Baş Kanunymyzda we beýleki kanunçylyk namalarymyzda adam iň gymmatly baýlyk bolup, şahsyýetiň mertebesini dünýewi, demokratik ýörelgeler arkaly goramak kepillendirilendir, onuň hukuklary, erk-islegleri hem-de syýasy garaýyşlary giňden beýan edilendir.

Arazgül BABAJYKOWA,
welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri, welaýat saýlaw toparynyň agzasy.