Taryhy tutumlaryň tarypy

27 Ýanwar 2021
1013

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we badalga berilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler, taryhy tutumlar halkymyzda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp döwrümize söýgi-buýsanjy artdyrýar. Muňa ýurdumyzda geçirilýän dabaraly çäreleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. TDP-niň welaýat hem-de Balkanabat şäher komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy.

Welaýat kitaphanasynda ýokary ruhubelentlikde geçen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyňam, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda bolşy ýaly, taryhy tutumlara we özgertmelere beslenýändigi, ýakynda milli Liderimiziň ak pata bermeginde Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmeginiň, Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasynyň geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamalary bolup durýandygy buýsanç bilen nygtaldy. 

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».