Milli synçylar bellige alyndy

27 Ýanwar 2021
998

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsümi badalga aldy. Saýlaw möwsüminiň dowamynda ýörite düzülen meýilnama esasynda geçirilmeli çärelere möhüm orun degişlidir. Welaýat saýlaw topary tarapyndan milli synçylara şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Milli synçylaryň 17-si TDP-niň welaýat komiteti, 11-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, 15-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, 14-si TMÝG-niň welaýat geňeşi, 3-si bolsa raýatlar topary tarapyndan bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýat saýlaw topary tarapyndan 88 adam milli synçy hökmünde bellige alnyp, olara ýörite şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».