Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

27 Ýanwar 2021
2855

Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.