Türkmenistanyň Prezidenti maslahat geçirdi

15 Ýanwar 2021
1462

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow öz ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.