Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

6 Ýanwar 2021
1402

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş--ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew paýtagtymyzda we ýurdumyzyň degişli welaýatlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.