Şu ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gaz Hytaýa eksport edildi

29 Iýul 2024
175

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýeledi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistan umumy bahasy 4,81 million amerikan dollaryna deň bolan «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen üpjün edijileriň arasynda liderligi özünde saklap galdy. Bu ugurda ikinji orun 3,97 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberen Russiýa Federasiýasyna degişli. Şeýle-de ilkinji üçlükde Mýanmanyň (679 million amerikan dollarlyk eksport) hem ady bar. Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi hem şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň Türkmenistandan we Russiýa Federasiýasyndan amala aşyran tebigy gaz importynyň 4 esseden gowrak artyp, jemi 800 million amerikan dollaryndan geçendigini habar berdi.

Çeşme: turkmenportal.com.tm