13,5 MILLIARD amerikan dollarlyk eksport etdi

29 Iýul 2024
96

Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 13,5 milliard amerikan dollarlyk maşyngurluşyk harytlaryny eksport etdi.

«Trendiň» habar bermegine görä, hasabat döwründe Türkiýeden Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa hem-de Ispaniýa eksport edilýän maşyngurluşyk önümleriniň möçberi azalypdyr. Emma munuň deregine Demirgazyk Amerika, Latyn Amerikasy hem-de Aziýa ýurtlaryna eksport görnetin artypdyr.