Innowasion ösüş — geljegiň ygtybarly binýady

29 Iýul 2024
178

Milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi durnukly ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen birlikde, önümleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesini, halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün edýär. Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu işleriň alnyp barylmagyny möhüm strategik ugurlaryň hatarynda belläp, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz diňe diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýetiň uzak geljek üçin durnukly boljakdygyny nygtaýar.

Halkara tejribeden görnüşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bäsdeşlige ukyplylyk, iň täze tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy we ylmy köp talap edýän önümçiligiň ösüş depgini, şeýle hem innowasion hadysalaryň netijeliligi bilen kesgitlenýär. Özüniň asyl many-mazmuny boýunça innowasiýalar hyrydarly harytlary we ýokary isleg bildirilýän hyzmatlary has köp öndürmäge gönükdirilen düýpgöter täze çemeleşmedir. Innowasiýa hökmünde ozal deňi-taýy bolmadyk ýa-da hil taýdan has tapawutly tehnologiýalar, ylmy açyşlar ykrar edilýär. Türkmen döwleti bu gün innowasion ösüş ýoly bilen ynamly barýar.

Batyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy.