Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

24 Iýul 2024
185

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, işlere toplumlaýyn çemeleşmegi ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde hemişe esasy wezipe edip goýýar. Oýlanyşykly özgertmeleriň, ylmyň gazananlarynyň, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň işleriň ýokary hilli we netijeli bolmagynda ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, pähim-parasatlarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz dünýäniň çalt ösýän döwletleriniň hataryna çykaryldy, milli ykdysadyýetiň kuwwaty has ýokarlandyryldy. Eýýäm geçen sanlyja ýyllaryň özünde türkmen döwleti üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli syýasy we ykdysady, medeni strategiýanyň amala aşyrylmagynyň barşynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatdyr etrap merkezlerinde, obalarda durmuş-medeni maksatly, şol sanda ata Watanymyzyň energetika kuwwatynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýän döwrebap elektrik geçirijileriniň, elektroenergetika desgalarynyň, önümçilik taslamalarynyň gurluşyklary toplumlaýyn esasda, batly depginlerde alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ýokary geçirijilik kuwwatyna eýe bolan taslamalar ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki ösüşlerini belent derejelere ýetirmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr.

Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.