Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

24 Iýul 2024
188

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyza rowaçlyklar hemra bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyza eşretli eýýamy peşgeş berdi. Bu gün durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde dowam etdirilmegi, ähli pudaklarda uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky öňegidişlikler ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň ygtybarly esasydyr. Daşary ykdysady gatnaşyklarda maýa goýumlaryň çekilmegine, söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine uly üns berilmegi bolsa, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze mazmuna eýe etdi. Häzirki wagtda diňe bir Aziýa däl, eýsem, Ýewropa giňişliginde hem özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösüşiň täze belentliklerine göterdi.

Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän şeýle öňegidişlikleriň, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygy aýratyn bellärliklidir. Ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki döwrümizde onuň kämilleşmegi bolsa, täze öňegidişliklere ýol açýar.

Kerim ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.