Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

24 Iýul 2024
156

2024-nji ýylyň iýulyndan Gruziýanyň “Georgian Airways” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Meýlan (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menzili habar berýär.

Täze halkara ýük awiagatnawy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.