Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

21 Iýul 2024
144

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Finlýandiýa 2016 — 2025-nji ýyllar üçin sirkulýar ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň ýol kartasyny kabul edýär we şeýle resminamany kabul eden dünýädäki ilkinji ýurt hökmünde taryha girýär. Bu ýol kartasy Daşky gurşaw ministrliginiň, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň, Ykdysadyýet we iş üpjünçiligi ministrliginiň, işewürligiň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň, işjeň raýatlaryň gatnaşmaklarynda işlenip taýýarlanylýar. Ýol kartasy ýerine ýetirilýän döwründe onuň üstüni zerur çäreler bilen doldurmak bellenen. Ol şu strategik maksatlary öz içine alýar: bäsdeşlik we durmuş ukyplylygynyň esaslaryny täzelemek, pes uglerodly energetika geçmek, tebigy baýlyklara gytçylyk hökmünde çemeleşmek we gündelik çözgütleri özgerişi höweslendirmek üçin ulanmak. Ýol kartasy sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek üçin durmuşa geçiriljek çäreler barada jemgyýetiň dürli gatlaklaryna zerur maglumatlaryň berilmegini üpjün edýär.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.