«DUTY FREE» dükanynda 7,5 million amerikan dollarlyk söwda

21 Iýul 2024
119

GDA girýän ýurtlaryň biriniň raýaty bolan syýahatçy Türkiýedäki howa menziliniň çägindäki «Duty Free» dükanyndan eden söwdasy bilen köpleri geň galdyrdy. Has takygy, ol syýahatçy bir gezekde dükandan 7,5 million amerikan dollarlyk söwda edipdir.

Türk metbugatynyň berýän habaryna görä, gürrüňi edilýän syýahatçy howa menzilindäki «Duty Free» dükanyndan gymmatbahaly sagat we şaý-sepleri satyn alypdyr. Bu sahy müşderiniň Azerbaýjanyň raýaty bolan erkek adamdygy hem habarlarda bellenilýär. Emma müşderi barada doly maglumat beýan edilmändir.

Rüstem AMANGYLYJOW,
TDMG-niň harby gullukçysy, maýor.