Halk bähbitli işler

21 Iýul 2024
305

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ykdysadyýetde, senagatda, ulag ulgamynda, ylym-bilimde, medeniýetde, umuman, ähli ugurlarda gazanylýan belent üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. Çünki bu beýik işler ösüşleriň berk binýady bolup, halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň özünde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Senagat taýdan uly ähmiýetli bolan bu desgalar hem halkymyzyň eşretli durmuşy üçin gönükdirilendir. Ilkinji nobatda, raýatlarymyza täze iş orunlarynyň, ol ýerde zähmet çekmek üçin dünýä ülňülerine laýyklykda şertleriň döredilmegi türkmen halky üçin uly bagtdyr. Bäherden sement zawodynyň önümi ýurdumyzda gurluşyk senagatyny has-da ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ösmegine hem oňyn ýardam edýär.

Ogulmaýsa ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 98-nji çagalar bagynyň müdiri.