Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

21 Iýul 2024
351

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeler gazanylýar. Şunda bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar.

Ogulşat DURDYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri.