Sazlaşykly ösüşler bilen röwşen geljege

19 Iýul 2024
182

Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy wezipesidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biz bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirdik. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyllyk üçin ileri tutulýan wezipeler eziz Watanymyzyň rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly tassyklaýar.

Ykdysadyýetde alty aýlyk möhlet gazanylan netijeleri içgin seljermäge hem-de şolaryň esasynda geljekki maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berýän möhüm sepgit hasaplanýar. Şoňa görä-de, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň oňyn häsiýete eýe bolmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini görkezýär. Mejlisde habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime, jemi öndürilen önümiň ösüşi bolsa 11,5 göterime deň boldy. Bu bolsa ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigine güwä geçýär. Halk hojalygynyň aýry-aýry pudaklary boýunça gazanylan ösüşler hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Hasabat döwründe senagat pudagynda 3,6 göterim, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterim, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterim, söwda ulgamynda 7,8 göterim, gurluşykda 9,3 göterim ösüş gazanylmagy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň okgunly ösüşiniň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.